Turkmenportal logo
13.11.25
1458514585
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ketrin Konnollini Irlandiýanyň prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Ketrin Konnollä Irlandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

TDH-niň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ketrin Konnollä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Irlandiýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ketrin Martina Enn Konnoli 1957-nji ýylyň 12-nji iýulynda dogulýar. Ol şu ýylyň 11-nji noýabrynda Irlandiýanyň 10-njy saýlanan prezidenti boldy.