Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko özüniň ykjam telefonlara garaýşy barada gürrüň berip, gajetlere garaşly bolmazlyga çagyrdy. Ol bu barada 2026-2030-njy ýyllar üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna garalýarka aýtdy diýip, «rg.ru» ýazýar.
«Biz nämüçin şu telefonlar barada kän biynjalyk bolýarys. Iň gowusy, ony ýanyňyza almaň» diýip, Lukaşenko nygtady: «Meniň ykjam telefonym ýok, ýöne günümi görýärin».
Belarus lideri şäher telefonyny peýdalanmagyň peýdasy barada belledi, onuň sözlerine görä, ykjam aragatnaşykda maglumatlaryň beýleki adamlar üçin elýeterli bolmagy mümkin. Şonuň üçin, aýratyn hem ýolbaşçylar adaty telefonlardan doly ýüz öwürmeli däl.
Aleksandr Lukaşenko şunuň bilen baglylykda, gymmatly maglumatlary öňküsi ýaly kagyzda saklamagy teklip etdi.
