Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6–10-njy noýabr aralygynda Polşanyň Katowise şäherinde Sileziýa uniwersiteti tarapyndan guralan Halkara talyplaryň toparlarynyň arasyndaky matematika olimpiadasynda dürli derejeli 22 medal gazandylar.
Umumylykda, türkmenistanlylaryň şahsy bäsleşiklerde gazanan baýraklary 9 altyn, 8 kümüş we 2 bürünç medaldan ybarat boldy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Toparlaýyn bäsleşiklerde bolsa 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanyldy. Mundan başga-da, türkmen talyplary bäsleşigiň netijeleri boýunça 2 höweslendiriş baýragyny hem aldylar.
Bäsleşik Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden 150-den gowrak zehinli matematikleri birleşdirdi.
Olimpiada gatnaşanlara matematiki analiz (topologiýa we toplum nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensial deňlemeleri hem öz içine alýan), algebra we kombinatorika, geometriýa we çyzykly algebra, ähtimallyk nazaryýeti ýaly ugurlardan çylşyrymly meseleler hödürlenildi.
