Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda N.W. Gogolyň «Öýlenmek» pýesasynyň esasynda goýlan spektaklyň premýerasy boldy.
Spektakly goýan režissýor – Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow, spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetiren – Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Batyr Bekmyradow, spektakly saz bilen bezän – Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow, horeograf – Olga Wasilýewa.

Täze sahna eserinde köp sanly tanslar we aýdymlar bar, köpçülikleýin sahna çykyşlarynyň gatnaşmagy bolsa spektaklyň goýulyşynyň derejesini wodewil derejesine ýetirdi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. «Aý şöhlesinde gar öwşün atýar» atly romans türkmen dilinde ýerine ýetirildi we tomaşaçylar ony joşgunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.

Spektaklda berlen bazaryň sahnasy aýratyn bezeg berdi – ol şatlykly, gün şöhlesi bilen doly we aýdym-saz bilen beýan edilýär.
Oýunçylaryň hemmesi öz gahrymanlarynyň häsiýetini takyk açyp görkezmegi başarypdyr. Egin-eşikleriň sungatçysy Batyr Bekmyradowyň we tikinçilik ussahanasynyň işgärleriniň işiniň netijesinde ähli aktýorlar XIX asyryň başyndaky rus modasyna laýyk geýimlerde çykyş edipdirler.

Baş keşplerde çykyş eden artistler: Gülnabat Abdyllaewa (Agafýa Tihonowna), Döwran Çaryýew (Podkolesin), Ýazgeldi Paşşykow (Koçkarew).
