Türkiýäniň Futbol federasiýasy (TFF) 1024 futbolçyny sport çärelerine pul goýup oýnamakda güman edýär. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ähli oýunçylar federasiýanyň tertipnamasyna laýyklykda tertip-düzgüne çekiş komitetine çagyryldy. Federasiýa FIFA guramasyna ýüzlenip, türk klublary üçin gyşky transfer döwrüni 15 gün uzaltmagy sorady, sebäbi giň möçberli futbolçylaryň ýitirilmegi mümkin.
TFF üçünji we dördünji diwizionlaryň duşuşyklaryny iki hepdäniň dowamynda yza süýşürmek kararyna geldi, sebäbi güman edilýän futbolçylaryň köpüsi şol ligalarda çykyş edýär. Ýokary liga – Superliganyň oýunçylarynyň arasynda hem 27 adama güman edilýär, olaryň arasynda «Beşiktaşdan» iki we «Galatasaraýdan» iki futbolçy bar.
Bir gezek pul goýup oýnamak halaty ýüze çykarylan 47 futbolçy boýunça tertip-düzgüne çekiş derňewleri soňraky döwürde, goşmaça subutnamalara we degişli edaralaryň maglumatlaryna esaslanyp geçiriler — diýip, federasiýanyň habarynda bellenilýär.
Mundan ozal TFF-niň prezidenti Ibragim Hajiosmanoglu futbol duşuşyklaryna pul goýup oýnamaga gatnaşan 149 emininiň 8–12 aý aralygynda işden çetleşdirilendigini, olaryň soňra ömürlik eminlikden çetleşdirilip bilinjekdigini mälim edipdi.
