Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ene toprakdan bol hasyl almaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek.
Häzirki döwürde Türkmenistan gülläp ösüşleriň ýolunda ynamly öňe barýar. Halkyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurtda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler amala aşyrylyp, pudaga iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň tejribeleri giňden ornaşdyrylýar.
2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Bu işler pudakda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Daýhanlar tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär.Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça uly işler amal edilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli dowam etdirilýär. Maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän täze toplumlaryň gurluşygyna badalga berildi. Bu toplumlar ýene sanlyja ýyldan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileriniň mineral dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyryp, azyk bolçulygynyň we onuň eksport kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşar.
Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.
