Türkmenistanyň wekilleri 3 — 6-njy noýabr aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara bilim maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlary we ussat terjimeçileri taýýarlaýan Türkmenistanyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty barada giňişleýin gürrüň berdi.
Institutyň düzümi, taýýarlygyň ugurlary, diller dünýäsine öwrülen bilim ojagynda sanly bilimiň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanyp, häzirki döwürde talyp ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri özleşdirmegi, amaly endikleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalara erk etmegi, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we innowasion tehnologiýalary öwrenmegi üçin döredilýän amatly şertler barada aýratyn durlup geçildi.
Halkara bilim maslahatynyň çäklerinde guralan sergide türkmen halkynyň ajaýyp haly önümleri, türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy şaý-sepleri, milli el işleriň dürli nusgalary goýuldy.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen milliligini şöhlelendirýän eksponatlara aýratyn gyzyklanma bildirdiler.
