7-nji noýabrda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherindäki Merdeka köşgünde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalowyň Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň ilçisi öz diplomatik işini Kuala-Lumpur şäherindäki rezidensiýasyndan amala aşyrýar.
Çäreniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gimni ýerine ýetirildi. Ilçi Indoneziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan salamlary ýetirdi.
Indoneziýanyň Prezidenti diplomaty täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ilçi Indoneziýanyň Prezidentine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem gowşurdy.
Çäre tamamlanandan soň täze bellenen ilçiler bilen Indoneziýanyň daşary işler ministri Sugiýono duşuşdy. Ministr Türkmenistanyň ilçisine diplomatik işini alyp barmakda goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forum barada degişli maglumatlary berdi we Indoneziýadan ýokary derejeli wekiliýetiň gatnaşmagyna umyt bildirdi. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek barada ylalaşdylar.
