Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Waşington şäherinde Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde “Merkezi Aziýa + ABŞ” hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň on ýyllygy mynasybetli işewürler maslahaty geçirildi.
TDH-de habar berlişi ýaly, ýokary derejede guralan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady we maýa goýum ýaly strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi.
Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Şeýle hem bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan çuňňur medeni gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup, tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Forumyň açylyş dabarasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň wekilleri Merkezi Aziýa bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow altytaraplaýyn işewürler forumynyň şeýle giň wekilçilikli düzümde geçirilmeginiň meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny aýdyp, formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtady.
Işewürlik forumy tamamlanandan soňra, onuň işi plenar mejlislerde dowam etdi.
“Üstünligiň taryhy: ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmegiň usullary” ady bilen geçen plenar mejlisde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň wekilleri iri maýa goýum we täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde tejribelerini paýlaşyp, “C5+1” formatynyň artykmaçlyklarynyň netijeli ulanylmagynyň ägirt uly täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
“ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky daşamalaryň ugurlaryny ösdürmek” atly ugurdaş mejlisde iri logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de degişli döwlet düzümleriniň wekilleri Merkezi Aziýany Demirgazyk Amerikanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan netijeli, ykdysady taýdan bähbitli we durnukly ulag-kommunikasiýa ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak” atly ugurdaş mejlisde emeli intellekt tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy ugurlaryna, şol sanda maliýe, oba hojalygy, energetika pudaklaryna we döwlet dolandyryşyna giňden ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy.
“Sanly ykdysadyýet arkaly özara baglanyşyk” atly mejlisde bilermenler we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary sanly ulgamy sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hem-de inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin netijeli gural hökmünde ulanmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
“Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna nädip maýa goýum goýmaly?” atly mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerini ABŞ-nyň bazaryna çykmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak üçin esasy meýdança boldy.
“Merkezi Aziýa nädip maýa goýum goýmaly?” atly ugurdaş mejlisde ABŞ-nyň maýadarlaryna we maliýe institutlaryna sebitiň çalt depginler bilen ösýän bazarlarynda döredilen amatly şertler we mümkinçilikler barada hemmetaraplaýyn maglumatlar berildi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “C5+1” formatynyň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady dialogy çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýetini bellediler.
