Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlanandan soňra, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Waşington şäheriniň «Andrews» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezident A.Ataýewa türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan gül dessesini gowşuryp, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidente we Gahryman Arkadaga hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidenti ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
