Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki (ÝB) wekilhanasynyň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Rumyniýadan saýlanan deputaty, Ýewropa Parlamentiniň býujet gözegçiligi komitetiniň başlygynyň orunbasary Kristian Terheş bilen duşuşdy. Bu barada ilçihana tarapyndan habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda özara parlamentara gepleşikleriň işjeň ösýändigi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine bolan ikitaraplaýyn gyzyklanma barada durlup geçildi. Bu ugurda geljek ýylyň mart aýynda Brýusselde geçiriljek gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda ulag, energetika we çig mal serişdeleri babatda sebitara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amaly we tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi bu ugurda Türkmenistan tarapyndan infrastruktura taslamalaryna goýberilýän maýa goýumlarynyň möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Garabogaz aýlagynyň üstünde gurlan awtomobil köprüsiniň açylmagy Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa tarap ýük daşalyşyny ep-esli artdyrjak möhüm taslama hökmünde bellenildi. Şeýle-de türkmen diplomaty energetika hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň energetika syýasatynyň diwersifikasiýasy barada giňişleýin maglumat berdi. Ol häzirki wagtda Owganystanyň çäginde gurluşygy işjeň alnyp barylýan TOPH gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetini belläp geçdi.
Ilçiniň bellemegine görä, bu taslama sebitiň halklary üçin durnuklylygyň we abadançylygyň köprüsine öwrüler, şeýle hem durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna goşant goşar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýokary hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge, şeýle hem iki tarap üçin-de gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
