Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
«C5+1» formaty 2015-nji ýylda esaslandyryldy we on ýylyň dowamynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikler üçin platforma bolup hyzmat etdi. Kabul edişligiň dowamynda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň şanly senesine bagyşlanan şu taryhy wakanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky sebitara gatnaşyklary, köpugurly hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Bu format döredileli bäri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş meselelerinden ykdysadyýet, energetika, söwda, maýa goýum we «ýaşyl» energetika ulgamlaryndaky taslamalara çenli ep-esli giňeldi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin 4-nji noýabrda ABŞ-a sapar bilen bardy.
Saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.
