Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy M.S.Narikbaýew adyndaky Gazagystanyň döwlet hukuk uniwersitetinde halkara maslahatyny gurady.
Maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Dabara Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik korpusyň, Gazagystanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalary, şeýle hem alymlar, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow öz çykyşynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtady. Ýurduň bu ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen berkidilip, Türkmenistanyň parahatçylyk we özara hormat ýörelgelerine bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny äşgär etdi.
Gazagystanyň Parlamentiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem öz çykyşlarynda Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Diplomatlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyndaky goşandyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de olar türkmen halkyna çuňňur hormatlaryny bildirdiler.
Çäräniň çäklerinde türkmen kitaplaryndan we milli önümlerinden ybarat sergi guraldy, Türkmenistanyň gazananlary baradaky wideoşekiller görkezildi hem-de türkmen milli sazlary ýaňlandy.
Maslahatyň ahyrynda minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylmagy duşuşygyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy.
