Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda täze «Arkadag» seýilgähine baryp gördi.
«Arkadag» seýilgähinde Gahryman Arkadaga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, «Arkadag» seýilgähinde behişdi bedewleriň, şeýle hem söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny we taryhy döwrüni alamatlandyrar. Şekilleriň seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berildi. Bu ugurda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikdäki tagallalar amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadag bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdylýan söwda kerweniniň şekilleri halkyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Häzirki döwürde Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler talabalaýyk ýagdaýda dowam edýär. Şunda täze şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadag ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we olaryň görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Halkyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewleri, adamlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen alabaýlar, türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ynsan gylykly arwana düýeleri milli buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, bu babatda ýerine ýetirilen işler häzirki zaman talaplaryna we milli ýörelgelerimize doly laýyk gelmelidir diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadag dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
