Katar döwletiniň «Al-Ahli» futbol klubunyň 32 ýaşly nemes ýarym goragçysy Ýulian Draksler we ispaniýaly hüjümçi Erik Ekspozito AFK-2-nyň Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynda Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen geçiriljek oýna alan şikesi sebäpli gatnaşmazlar. Bu barada katarly toparyň baş tälimçisi Igor Bişçan oýundan öň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Arkadag» bilen «Al-Ahli» toparlarynyň duşuşygy 5-nji noýabrda Arkadag şäherindäki stadionda geçiriler. Oýun ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Duşuşygy Täjigistandan gelen eminler topary, FIFA-nyň emini Gulmurodi Saýdullo tarapyndan ýolbaşçylygynda eminlik ediler.
«Al-Ahli» 29-njy oktýabrda Bahreýniň «Al-Haldiya» kluby bilen geçirilen oýunda 2:1 hasaby bilen gazanan ýeňşinden soň, B toparçasynda 6 utuk bilen öňde barýar. «Arkadag» bolsa 2 utuk bilen soňky orunda ýerleşýär, ýöne ätiýaçlykda onuň bir oýny bar. Bu iki toparyň Dohada geçirilen ilkinji duşuşygy 2:2 hasaby bilen deňlikde tamamlanypdy.
Draksler — 2014-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan futbolçy we «PSŽ» klubunyň öňki oýunçysy. Ol 2023-nji ýyldan bäri «Al-Ahli» toparynda çykyş edýär.
