Şu hepde Moskwada geçirilen Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutar owazy» IX halkara sungat festiwaly dürli ugurlar boýunça akademik saz sungatynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen bäsleşigiň jemlerini yglan etdi.
3-nji noýabrda Russiýanyň Sungat akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda, Zurab Sereteliniň Sungat galereýasynda festiwalyň jemleýji dabarasy — gala-konsert geçirildi. Bu konsert bir hepdelik bäsleşigiň diňlenişikleriniň tamamlanmagyny alamatlandyrdy. Ol ýerde bäsleşige gatnaşyjylar sahnada çykyş edip, öz zehinlerini görkezdiler.
Bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan, Gwatemaladan we Türkmenistandan 100-den gowrak arza gelip gowuşdy. Bu ýylky festiwal Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna we «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlandy. Gala-konsert bolsa Zurab Sereteliniň (1934–2024) ýadygärligine bagyşlandy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça aşakdakylar ýeňijiler diýlip yglan edildi:
Wokal sungaty
I derejeli baýragyň eýeleri:
Arnageldiýewa Aýlar (Türkmenistan) — uly ýaş topary;
Imamowa Selbi (Türkmenistan) — uly ýaş topary;
II derejeli baýragyň eýeleri:
Töräýew Umyt (Türkmenistan) — kiçi ýaş topary (10–12 ýaş);
Abdyllaýewa Aýjeren (Türkmenistan) — uly ýaş topary;
Welihanow Yhlas (Türkmenistan) — uly ýaş topary;
Muhammedow Muhammetaly (Türkmenistan) — uly ýaş topary;
Ýörite baýraklara we şaý-sepli baýraklara aşakdaky aýdymçylar mynasyp boldular:
Maýa Kulyýewa adyndaky ýörite baýraga — Woloşina Kseniýa (Russiýa);
Medeniýet Şahberdiýewa adyndaky ýörite baýraga — Talli Lopes Eunise Abigail (Gwatemala);
Diňleýjileriň söýgüsini gazananyň ýörite baýragyna — Norden Lada (Russiýa) we Žilina Alisa (Russiýa);
Myrat Sadykow adyndaky harby aýdym ýerine ýetirişi üçin ýörite baýraga — Ýagneşko Mark (Russiýa);
Kirişli-kemençeli saz gurallary
Ylmyň we innowasiýalaryň ösüş gaznasynyň Gran-pri baýragyna we ýyllyk stipendiýasyna Zaskanowa Kristina (Russiýa, orta ýaş topary, 13–14 ýaş) mynasyp boldy.
I derejeli baýragyň eýesi:
Saryýew Guwanç (Türkmenistan, kontrabas, uly ýaş topary, 18 ýaşdan ýokary).
II derejeli baýragyň eýesi:
Tahyrjanowa Milara (Türkmenistan, kiçi ýaş topary, 10–12 ýaş).
III derejeli baýragyň eýeleri:
Aýlyýewa Asal (Türkmenistan, orta ýaş topary, 13–14 ýaş);
Rustamowa Aýlar (Türkmenistan, orta ýaş topary, 13–14 ýaş).
Fortepiano
I derejeli baýragyň eýesi:
Reýimow Nazar (Türkmenistan), orta ýaş topary (13–14 ýaş).
II derejeli baýragyň eýeleri:
Kabulowa Aýnur (Türkmenistan), uly ýaş topary (18 ýaşdan ýokary);
Nurmämmedowa Aýgözel (Türkmenistan), uly ýaş topary;
Rahmanowa Ogulnäzik (Türkmenistan), uly ýaş topary.
III derejeli baýragyň eýesi:
Mämmedow Kerimberdi (Türkmenistan), ýetginjekler topary (15–17 ýaş).
Diplomyň eýesi:
Babaýewa Amina (Türkmenistan), kiçi ýaş topary (10–12 ýaş).
Festiwalyň eminler toparyna sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor Mamed Guseýnow ýolbaşçylyk etdi. Eminler dürli ugurlar boýunça hünärmenlerden düzüldi.
Şeýle hem festiwalyň çäklerinde «Urşuň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna we «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlandy.
