Angliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýted» klubynyň ozalky futbolçysy Dewid Bekhem Angliýanyň Şasy Karl III tarapyndan rysarlyk derejesine eýe boldy. Bu dabaraly çäre Windsor köşgünde geçirildi — diýip, sports.ru saýty habar berýär.
50 ýaşly türgen sport we haýyr-sahawat ulgamyna goşan ajaýyp goşandy üçin Beýik Britaniýanyň iň ýokary sylagyna mynasyp boldy. Dabara onuň ýanýoldaşy Wiktoriýa Bekhem hem gatnaşdy, ol indi «ledi Bekhem» diýen derejä eýe boldy. Dewid Bekhemiň maşgala hem agzalary bu dabara gatnaşdylar.
Bu Bekhemiň ilkinji köşk sylagy däldir. 2003-nji ýylda oňa Beýik Britaniýanyň Imperiýasynyň ordeniniň kawaleri derejesi berlipdi.
«Mançester Ýunaýtediň» düzüminde geçiren futbol ýolunda Bekhem 85 gol geçiripdi. Ol 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň guralmagynda hem möhüm orny eýeläpdi. 2005-nji ýyldan bäri ol ÝUNISEF-iň ilçisi bolup durýar, 2024-nji ýylda bolsa Şalyk gaznasynyň ilçisi hökmünde bellenildi we bu ugurda Şa Karl III bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
