«Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Gündogdy Atakow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatda (CIET 2025) çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurtda ilkinji bolup asma potoloklaryň we profil ulgamlarynyň önümçiligini ýola goýan bu kompaniýanyň gazananlary we önümçilik kuwwatyny has-da giňeltmek boýunça meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Geçen ýyllaryň dowamynda «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti önümçilik çygrynda baý tejribe toplap, önümleriniň görnüşlerini giňeltdi. Häzirki wagtda kompaniýa dürli görnüşli winil örtükli gips potoloklaryny, akustik we alýuminiý asma potoloklaryny, profilleri we olary gurnama üçin niýetlenen düzüm böleklerini öndürýär. Kompaniýanyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 4 000 000 m² asma potoloklaryna, 7 000 tonna metal profillere, 4 000 000 m² gipsokartona hem-de 50 000 tonna gury gurluşyk garyndylaryna barabardyr.
Gündogdy Atakow öz çykyşynda kompaniýanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biriniň önümçilikde ýerli çig mallardan peýdalanmakdygyny nygtady. «Ak Bulut» ylmy usullary we ekologik taýdan arassa ýerli çig mallary ulanmak bilen, täze önümçilikleri ýola goýýar we bar bolan kuwwatlyklaryny giňeldýär.
Şeýle hem ol 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we «Ak Bulut» kompaniýasynyň paýly gatnaşmagynda «Türkmen gips» bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň döredilmeginiň kompaniýanyň ösüşinde möhüm ädim bolandygyny belledi. Ýerli çig maldan ýylda 20 000 000 m² gipsokarton listleriniň we 250 000 tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürjek zawodyň düýbüniň tutulyş dabarasy ýakynda geçirildi. Häzirki wagtda bu iri önümçilik desgasynda gurluşyk işleri çalt depginde alnyp barylýar.

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti giň gerimli forumda guralan sergide öz diwarlygyny hem tanyşdyryp, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän gurluşyk materiallarynyň giň görnüşlerini görkezdi. Bu ýere gelýän myhmanlar kompaniýanyň asma potoloklary, gipsokartonlary, profil ulgamlary we gurluşyk düzüm bölekleri bilen giňişleýin tanşyp bilýärler.
Gündogdy Atakow çykyşynda kompaniýanyň eksport işine hem aýratyn ünsi çekdi. «Ak Bulut» kompaniýasy önümlerini Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryna işjeň eksport edýär. «Ak Bulut» haryt nyşanly gipsokartonlar, gury gurluşyk garyndylary, gipsokartondan we metaldan asma potoloklar, şeýle hem profil ulgamlary Özbegistana, Gyrgyzystana, Owganystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Ermenistana hem-de Türkiýä eksport edilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň daşarky bazarlarda giňden ykrar edilmeginde ähmiýetlidir.
