2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda, «GDA giňişliginde integrasiýa gepleşiginiň esasy hökmünde rus dili» atly II Halkara maslahatyň çäklerinde, GDA gatnaşyjy-döwletleriň Halkara terjimeçiler assosiasiýasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminama 16–17-nji oktýabrda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatynyň geçirilen Sankt-Peterburgdaky Tawriýa köşgünde gol çekildi.
Halkara maslahat, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan, Milletara aragatnaşyk dili hökmünde rus dili yglan edilen ýylyň, möhüm wakasyna öwrüldi we Demirgazyk paýtagtda GDA gatnaşyjy-döwletleriň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralarynyň, medeniýetiň, ylmyň we bilimiň degişli edaralarynyň, halkara guramalaryň, işewürlik hem-de akademiki jemgyýetleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hem bir ýere jemledi.
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň çakylygy boýunça, forumyň işine Rossiýanyň Terjimeçiler Bileleşiginiň we Terjimeçileriň milli ligasynyň agzasy bolan «OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbansähedow gatnaşdy.

Assiasiýanyň döredilmegi, Arkalaşygyň ýurtlarynda terjime pudagynyň ulgamlaýyn meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Russiýanyň Terjimeçiler Bileleşiginiň prezidenti Olga Iwanowanyň sözlerine görä, häzirki wagtda terjimeçileri taýýarlamagyň, attestasiýa bermeginiň we sertifikatlaşdyrmagyň ýeketäk standartlary, ulgamlary ýok. Bu aýratyn-da kazyýet, notnotarial we lukmançylyk ulgamlarynda has ýiti duýulýar, bu ýerlerde barlanylan hünärmenler talap edilýär.
Täze guramanyň esasy maksatlary, GDA ýurtlarynda ýokary hünärli terjimäni ösdürmäge ýardam bermek, terjime hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak we hünärmenleri taýýarlanmagyny kämilleşdirmek bolar. Ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda — sertifikatlaşdyrylan terjimeçileriň umumy maglumat binýatlaryny döretmek, hünär taýýarlyk okuwlaryny guramak we GDA döwletleriniň arasynda tejribe alyşmak ulgamyny emele getirmek hem bar.
Assosiasiýa, Arkalaşygyň ýurtlarynyň terjime birleşiklerine, bilim edaralaryna, býurolara we kompaniýalara goşulmak üçin açykdyr. Geljekde birleşmäniň, GDA ähli gatnaşyjy-döwletlerde wekilhanalary bolan jemgyýetçilik guramasyna öwürilmegi meýilleşdirilýär.
Maslahatda «Terjimede rus dili: wezipeleýin derejesi, mümkinçilikler, geljekler» atly «tegelek stoluň» guramaçysy hökmünde çykyş eden, Russiýanyň Terjimeçiler Bileleşiginiň wekiliýeti gatnaşdy.
«OKTAWA» terjime we kanunlaşdyrma býurosynyň 2016-njy ýylda döredilendigini we Türkmenistanda öz hünär pudagynda öňdebaryjy bolup durýandygyny ýatladýarys. Kompaniýa öz işine ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri, şol sanda degişli dilleriň göterijilerini gatnaşdyryp, bir kysymly hukuk resminamalaryny içine almak bilen, dürli görnüşli ýazgylary dünýäniň 40 diline ýazmaça terjime etmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Býuronyň iş ugurlaryndan isleg bildirilýän ugurlarynyň hatarynda — Türkmenistandaky hem-de golaý we uzak daşary ýurtlardaky konsullyk wekilhanalaryna tabşyrmak üçin, müşderileriň şahsy resminamalaryny apostilirlemek, kanunlaşdyrmak, şeýle hem maslahat hyzmatlarydyr. «OKTAWA»-nyň hyzmatlaryny hem daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary hem-de Türkmenistandaky wekilhanalar maslahat berýärler.
2022-nji ýylda Serdar Gurbansähedowyň ýolbaşçylygyndaky kärhana, Russiýa Federasiýasynyň iň uly terjime kompaniýalarynyň sanawynda 74-nji orny eýeledi.
Habarlaşmak üçin salgylar: Salgy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 80 Elektron poçta salgysy: serdark@oktawa-tm.com Telefon belgileri: (+993 61) 80 50 70; (+993 61) 80 50 60 Web saýty: www.oktawa-tm.com
