Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda miniatýura sungaty we altyndan şaý-sepleri ýasamak boýunça eýranly hünärmenler tarapyndan geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň metbugat gullugy habar berdi.
Dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Rüstem Annamuhammedow, Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şeýle hem eýranly ussatlar — miniatýura sungaty boýunça hünärmen Seýedehsahar Haşemi we altyn şaý-sepleri ýasamak sungaty boýunça ussat Najme Hosseýniýan gatnaşdylar.
Çykyş edenler 2024-nji ýylda geçirilen şeýle ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli netijelerini belläp, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklarynyň ösüşini nygtadylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda medeni alyş-çalşy pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle görnüşli çäreleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Çäräniň çäklerinde eýranly hünärmenleriň we geçen ýylky ussatlyk sapaklaryna gatnaşan türkmen talyplarynyň işlerini özünde jemleýän sergi guraldy. Myhmanlar we Eýranyň ilçihanasynyň işgärleri akademiýanyň muzeýine baryp, talyplaryň işleri bilen tanyşdylar.
