«OpenAI» amerikan kompaniýasy oktýabryň aýagynda «ChatGPT» çat-botuny peýdalanmak syýasatyny täzeledi, indi ol lukmançylyk we hukuk maslahatlaryny berip bilmez. Bu barada kompaniýanyň metbugat habaryna salgylanýan «ria.ru» ýazýar.
«Hukuk we lukmançylyk babatda rugsatnama talap edýän hünärmen maslahatlaryny rugsatnamaly hünärmen gatnaşmadyk halatynda berlip bilinmez» diýlip, habarda bellenýär hem-de kompaniýanyň çat-botuny ulanmak gadagan edilýän ýagdaýlaryň sanawy getirilýär.
Şol sanda şahsy tarapyň öz ylalaşygy bolmasa, ýüz-keşbi anyklamakda, maliýe, bilim, ýaşaýyş öý, migrasiýa we işe ýerleşiş babatda möhüm çözgütleri kabul etmekde «ChatGPT» peýdalanyp bilinmez diýip, «OpenAI» kompaniýasynyň beýanatynda bellenýär. Kompaniýa şeýle hem emeli aňy akademiki bilim babatda galp maglumatlary hödürlemek we kezzaplyk maksady bilen peýdalanmagy gadagan etdi.
