Turkmenportal logo
31.10.25
2926829268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Waşingtonda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň  Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň Waşington şäherine ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi.

«Amerikada geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder» diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.