Astrahan şäherinde Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar boýunça ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilim we ýaşlar syýasaty babatdaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Wladimir Golowkowyň bellemegine görä, şu ýyl ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy depginli ýokarlandyryldy.
Duşuşykda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Astrahan sebitiniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaş türkmenistanlylaryň 3 müň 649-y okaýar. Bu görkeziji, geçen okuw ýyly bilen deňeşdirilende, 30 göterim köpdür. Okuw maksatnamalary inženerçilik hünärlerinden başlap, deňizçilik we mugallymçylyga çenli köp sanly ugurlary öz içine alýar.
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow sebitiň ýokary okuw mekdepleriniň halkara başlangyçlaryndaky işjeň ornuna, şol sanda türkmenistanly talyplar üçin döredilýän oňyn şertlere kanagatlanma bildirdi.
Mundan başga-da, taraplar 26 – 28-nji noýabr aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi: täze mümkinçilikler» atly III Astrahan halkara forumyna taýýarlyk barada hem maslahatlaşdylar. Foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu forumyň maksady ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekden we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklara we birek-birege bolan ynama esaslanyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
