Türkmenistan şu ýylyň 9 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.
Hasabat döwründe 275 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu görkeziji boýunça altynjy orny eýeledi. Bu ugurda birinji orun Gyrgyz Respublikasyna (2,4 million), ikinji orun Gazagystana (2 million), üçünji orun Täjigistana (1,9 million), dördünji orun Russiýa Federasiýasyna (757,1 müň) we bäşinji orun Owganystana (343,6 müň) degişli.
Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi 8,6 million daşary ýurtly jahankeşde Özbegistana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 49,3 göterim köpdür.
