Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlandy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guralan konserte Hökümet agzalary, ýurduň bu gurama bilen hyzmatdaşlyk alyp barýan ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Dünýäniň iň iri halkara guramasynyň ýubileý senesi mynasybetli guralan konsertde çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler halkara jemgyýetçiligiň şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram edýändigini aýdyp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren çykyşlarynda milli we döwrebap äheňdäki aýdym-saz eserlerine giň orun berildi. Ussat artistlerdir sazandalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen hoş owazlar tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda dünýäniň meşhur nusgawy eserleriniň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir.
