Turkmenportal logo
28.10.25
1619816198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan BSG we ADB forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 22-23-nji oktýabr aralygynda Ženewada Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) baş edarasynyň binasynda geçirilen «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy.

Çäre Bütindünýä Söwda Guramasy hem-de (BSG) Aziýa Ösüş Banky (AÖB) tarapyndan bilelikde guraldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

B.Ýalakow forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna tapgyrlaýyn integrasiýasynyň ähmiýetini belläp, milli kanunçylygyň BSG-niň kadalaryna laýyk getirilmeginiň hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde ileri tutulýan ugurlardygyny nygtady.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda Türkmenistanyň BSG-ä girmegi boýunça alnyp barylýan işler, agza döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlar tarapyndan tehniki we maslahat goldawynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.