Amerikaly syýasatçy zenan Kamala Harris BBC britan teleýaýlymyna beren interwýusynda 2028-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi. Özüniň syýasy käriniň bes edilmegi bilen bagly sowala ABŞ-nyň öňki wise-Prezidenti: «Bu soňy däl, men bütin ömrümi syýasata bagyşladym, ol meniň ganymda. Prezidentiň wezipesi üçin ýene bir gezek göreşmekçi» diýip jogap berdi.
Harris öz güýjüne ynanýandygyny, jemgyýetçilik pikiriniň öz tarapyndadygyny belledi.
Kamala Harris 2020-nji ýylda ABŞ-nyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik etdi, emma öz tarapdarlaryny Demokratik partiýadan bolan Jo Baýdeni goldamaga çagyryp, möhletinden öň saýlawlardan çykdy. 2024-nji ýylda ol ýene saýlawlara gatnaşdy, emma Donald Trampdan ýeňildi diýip, «rg.ru» ýazýar.
