Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dünýä belli rus kompozitory Pýotr Çaýkowskiniň 185 ýyllygy mynasybetli «Çaýkowskiý — rus ýüreginiň sesi» atly konsert geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, konserte daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ussat kompozitoryň suratlary ýaýbaňlandyrylan sergiden başlandy. Onda kompozitoryň ýaşlyk ýyllaryndaky suratlary ýerleşdirilipdir.
Dabaranyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin çykyş edip, myhmanlary mübärekledi. Soňra konsert kompozitoryň ajaýyp sazlary bilen dowam etdi. Kompozitoryň dünýä belli operalaryndan saz eserleri, romanslary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň, ussat opera aýdymçylary Gözel Annahanowa, Begenç Moşşyýew dagynyň aýtmagynda ýaňlanan aýdymlar myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde geçirilen konserte myhmanlar ýokary baha bermek bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynda medeni diplomatiýanyň üstünlikli ösdürilýändigi barada-da durup geçdiler.
