«Ussat Sürüji» türkmen kompaniýasy täze hyzmaty — KidsWay hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat çagalary öýden mekdebe, çagalar bagyna, gurnaklara hem-de beýleki bellenilen ýerlerine howpsuz we hünärmenleriň ugratmagynda eltmegi göz öňünde tutýar. Hyzmat işleýän ene-atalar üçin, şeýle hem çagalarynyň ýol howpsuzlygy barada alada edýän maşgalalar üçin niýetlenendir. Kompaniýanyň täze ugry barada hyzmaty ösdürmek boýunça direktoryň orunbasary Lola Nurnazarowa gürrüň berýär.
— Lola, KidsWay näme we bu hyzmat kimler üçin niýetlenýär?
— KidsWay — bu çagalary öýden bellenilen ýere we yzyna eltmek boýunça hünärmeniň ugratmagyndaky hyzmatdyr. Biz çagalary mekdebe, çagalar bagyna, gurnaklara we sport toplumlaryna, çärelerdir beýleki zerur bolan ýerlere howpsuzlyk bilen eltýäris. Bu hyzmat işleýän we çagany özleri alyp gitmäge hemişe mümkinçilik tapmaýan ene-atalar, awtoulagy bolmadyk ýa-da wagty çäkli maşgalalar üçin amatlydyr. Esasy zat — çaganyň ýoldaky howpsuzlygy we rahatlygy her ädimiňde üpjün edilýär.

— Siz çagalary ugratmagyň nähili görnüşlerini hödürleýärsiňiz?
— Biz birnäçe görnüşi hödürleýäris: gysga aralyklar üçin pyýada ugratmaklyk, yzygiderli gatnawlar üçin tygşytly awtobus bilen ugratmaklyk, çalt we amatly taksi bilen ugratmaklyk, şeýle hem gapydan-gapa çenli hyzmat edýän şahsy sürüji bilen premium derejeli awtoulag bilen ugratmaklyk. Mundan başga-da, ýolda bolan mahaly ertirlik, her tapgyrynda ene-atalara SMS arkaly habar bermek we her çaga aýratyn şertleri hödürleýäris.

— Awtobus bilen ugratmak barada giňişleýin gürrüň beräýiň?
— Bu hyzmat çagany özi alyp gitmäge mümkinçiligi bolmadyk we şahsy awtoulagy ýa-da sürüji tutmaga mümkinçilik tapmaýan ene-atalar üçin örän amatlydyr. Bahasy boýunça taksi ýa-da şahsy awtoulagdan has tygşytlydyr. Biz tejribeli adamlaryň ugratmagyny ýola goýýarys — ol çagany öýünden alyp, bilelikde duralga çenli barýar, bilet almakda, awtobusa münmekde we düşmekde kömek edýär. Mekdebe baranlarynda bolsa çagany mugallyma tabşyrýar we bu barada ene-atalara habar berýär.
— Ugradýan işgäriň borçlary nämelerden ybarat?
— Ugradýan işgär ýoluň geçilýän ýerlerinde we köpçülikde çaganyň elinden tutýar. Awtobusda çaganyň oturýan ýerini üpjün edýär we onuň özüni alyp barşyna gözegçilik edýär — penjireden seredip durmazlygyny, gapa ýapyşmazlygyny, şahsy zatlaryny goramagy üpjün edýär. Yzyna gaýdyp gelýän mahaly bolsa, çaganyň synpda zatlaryny unutmandygyny, ene-atalaryň rugsady bolmazdan zat satyn almazlygyny we gaýtmaly ýolundan çykmazlygyny gözegçilikde saklaýar.

— Ene-atalar ähli zatlaryň ýerbe-ýerdigini nähili bilýärler?
— Biz ýol ugrunyň her tapgyrynda SMS arkaly ene-atalara habar berýäris — çaganyň awtobusa münendigi, mekdebe barandygy we ş.m. barada habar berýäris. Ene-atalar çaganyň howpsuz ýagdaýda bolýandygyna hemişe göz ýetirip bilýärler.
— Siz ugratmagyň çagany özbaşdaklyga öwredýändigini bellediňiz?
— Hawa, bu örän möhüm. Biziň maksadymyz — ene-atalaryň her gün çagany alyp gitmek aladasyndan halas bolmagyna kömek etmekdir. Ugradýan işgär her gün çaganyň dogry taýýarlanmagyny, ýol ugrunda nädip ugrukmalydygyny, awtobusda we ýolda nähili howpsuzlyk çärelerini berjaý etmelidigini, duralgany sypdyran ýagdaýynda näme etmelidigini düşündirýär. Bu bolsa çaganyň tiz wagtda özbaşdak gatnamagy öwrenmegine ýardam berýär.
— Ene-atalardan nähili seslenmeler gelýär?
— Ene-atalar rahatlyk we ynamlylyk duýýandyklaryny belleýärler. Köpüsi bu hyzmatyň wagty we alada etmekligi tygşytlaýandygyny, esasan hem irdenki sagatlarda peýdalydygyny aýdýarlar. Biziň işgärlerimiz hemişe aragatnaşykda bolup, möhüm ýagdaýlar barada ene-atalara dessine habar berýärler.
— Hyzmaty nähili sargyt etmeli?
— Örän aňsat — +993 71 65-98-58 telefon belgisine jaň etmek ýa-da messenjerdan ýazyp, elektron görnüşde ýüz tutmak ýeterlikdir. Biz size laýyk geljek ugratmaly işgäri saýlarys we ähli zady çalt hem ynamly gurarys.
