21–22-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) wirtual aktiwler we blokçeýn tehnologiýalary arkaly puluň bikanun dolanyşygyna garşy göreşe bagyşlanan tematiki okuw-seminary geçirildi.
Okuw-seminaryň işine döwlet edaralarynyň wekilleri, sanly maliýe ulgamynyň hünärmenleri we halkara bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň işgärleri kriptowalýuta amallaryny kadalaşdyrmak we maliýe howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar.

Okuw-seminaryň dowamynda gatnaşyjylar sanly özgertmelere we häzirki zaman tehnologiýalarynyň maliýe ulgamyna ornaşdyrylmagyna degişli bilim we amaly çemeleşmeler bilen paýlaşdylar.
Bu çäre wirtual aktiwleriň ösüşindäki häzirki ugurlaryň hem-de olaryň maliýe jenaýatlarynda ulanylmagy bilen bagly bolup biljek töwekgelçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasyna öwrüldi.
