Türkmenistandan Owganystana TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygyndaky bölegi arkaly gaz eksportynyň ilkinji tapgyrynda ýylda takmynan 500 million kub metre ýetip biler. Geljekde bu mukdaryň ýylda 1,5 milliard kub metre çenli artdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilen halkara OGT – 2025 nebit-gaz maslahatynyň we sergisiniň jemleýji metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Owgan gaz kompaniýasy» bilen baglaşylan şertnama laýyklykda ilkinji ýyllarda ýylda 500 million kub metr gaz iberilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirlikçe Owganystandaky turba geçiriji infrastruktura doly ösmedik. Geljekde bolsa ýylda 1,5 milliard kub metre çenli gaz iberilmegi meýilleşdirilýär — diýip, Babaýew aýtdy. Ol geljekde bu mukdaryň ýylda 3–4 milliard kub metre çenli artdyrylmagynyň hem mümkindigini belledi.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi «Galkynyş» gaz käninden ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermek üçin niýetlenendir. Taslama laýyklykda, ýylda 5 milliard kub metr gaz Owganystana, 14 milliard kub metr bolsa Pakistana we Hindistana iberiler.
Häzirki wagtda gaz geçirijiniň Türkmenistandaky 214 kilometrlik böleginiň gurluşygy doly tamamlandy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Owganystanyň Serhetabat – Hyrat böleginiň 153 kilometrlik gurluşygyna başlandy. Şu wagt gurluşyk işleri Owganystanyň çäginde işjeň dowam edýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT – 2025) atly halkara maslahaty we sergisi 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 70 döwletinden 1400-den gowrak wekil we kompaniýa gatnaşdy. Forumda ýerli energetika kompaniýalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, halkara guramalary çykyş etdiler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Energiýa Forumy» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş etdiler.
TURKMENPORTAL OGT – 2025 forumynyň habar beriş hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.
