2025-nji ýylda Türkmenistanda nebit çykarylyşynyň möçberiniň 8 million tonnadan ýokary bolmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Aşgabatda geçirilen halkara «OGT – 2025» nebit-gaz maslahatynyň we sergisiniň jemleýji metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Şu ýyl boýunça ýurdumyzda nebit çykarylyşynyň 8 million tonnadan geçmegine garaşýarys. Takyk sanlary geljek ýylyň başynda aýdyňlaşdyryp bileris» — diýip, Agajanow belledi.
Onuň sözlerine görä, nebitiň senagat taýdan ösüş maksatnamasyna laýyklykda, çykarylyşyň möçberiniň her ýyl 5–10% aralygynda artdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle hem belläp geçsek, 2024-nji ýylda Türkmenistanda nebit çykarylyşynyň umumy möçberi takmynan 8,3 million tonna boldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT – 2025) atly halkara maslahaty we sergisi 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 70 döwletinden 1400-den gowrak wekil we kompaniýa gatnaşdy. Forumda ýerli energetika kompaniýalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, halkara guramalary çykyş etdiler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Energiýa Forumy» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş etdiler.
TURKMENPORTAL OGT – 2025 forumynyň habar beriş hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.
