Türkmenistan 2025-nji ýylda 80 milliard kub metr gaz çykarmagy maksat edinýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilen halkara «OGT – 2025» nebit-gaz maslahatynyň we sergisiniň jemleýji metbugat ýygnagynda habar berdi.
«Şu ýyl boýunça gaz çykarylyşynyň derejesi 80 milliard kub metre deň. Geljek ýyl hem şol çäkde gaz çykarmagy meýilleşdirýäris» — diýip, Babaýew aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda gaz çykarylyşynyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Ol ýurduň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň geljek ýyldan başlanjakdygyny ýatlatdy. Bu tapgyr ýylda 10 milliard kub metr gaz çykarmaga niýetlenendir we halkara tender-bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Hytaýyň CNPC kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda takmynan 39 milliard kub metr gaz çykaryldy. 2024-nji ýylda bolsa ýurduň umumy gaz çykarylyşynyň möçberi 77 milliard kub metrden geçdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT – 2025) atly halkara maslahaty we sergisi 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 70 döwletinden 1400-den gowrak wekil we kompaniýa gatnaşdy. Forumda ýerli energetika kompaniýalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, halkara guramalary çykyş etdiler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Energiýa Forumy» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş etdiler.
TURKMENPORTAL OGT – 2025 forumynyň habar beriş hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.
