«Türkmengaz» döwlet konserni şu ýylyň mart aýynda başlanan tebigy gazyň Türkiýä eksportyny wagtlaýynça togtatdy. Bu barada konserniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynyň jemleýji metbugat ýygnagynda habar berdi.
Gaz üpjünçiliginiň häzirki ýagdaýy baradaky soraga jogap bermek bilen, «Türkmengaz» konserniniň ýolbaşçysy eksportyň wagtlaýyn togtadylandygyny tassyklady. Babaýew iberilýän gaz eksportynyň şu ýylyň mart aýynda başlandygyny ýatlatdy. Baglaşylan şertnama laýyklykda, ýylda 2 milliard kub metr gaz iberilmegi göz öňünde tutulýar.
«Türkmengaz» konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew eksportyň togtadylmagynyň birnäçe meseleleriň çözülmeginiň zerurlygy bilen baglydygyny düşündirdi. — «Bu synag taslamasy, şonuň üçin ýüze çykyp biljek ähli mümkin bolan päsgelçilikler göz öňünde tutulýar» — diýip, ol belledi.
Arçaýewiň sözlerine görä, tehniki taýdan «Türkmengaz» şertnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin doly taýýardyr. — «Türk tarapy üpjünçiligiň başlanmagyna örän begenýär. Biz hem bu başlangyjy goldaýarys. Häzirki wagtda bar bolan meseleler çözülenden soň, şertnama laýyklykda gazyň iberilmegi dowam etdiriler» — diýip, konserniň wekili nygtady.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT – 2025) atly halkara maslahaty we sergisi 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 70 döwletinden 1400-den gowrak wekil we kompaniýa gatnaşdy. Forumda ýerli energetika kompaniýalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, halkara guramalary çykyş etdiler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Energiýa Forumy» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş etdiler.
TURKMENPORTAL OGT – 2025 forumynyň habar beriş hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.
