Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar. Bu barada TDH ýazýar.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanynyň uçary Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
