22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emirates National Oil Company» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, işewürler duşuşykda Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny aýtdylar. Şeýle hem olar BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BAE-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy —2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurtda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynyň Türkmenistanyň iň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridigi, bu pudakda «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriňdöredilýändigini belläp, türkmen döwletiniň «Emirates National Oil Company» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.
