Türkiýe Türkmenistandan uzak möhletli we iri göwrümli tebigy gaz üpjünçiligine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkiýäniň döwlet nebit-gaz kompaniýasy «Botas-yň» baş direktory Abdulwahit Fidan Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatynda çykyş edip mälim etdi.
— Türkiýäniň ýolbaşçy düzümi Türkmenistandan uzak möhletleýin we uly göwrümli gaz üpjünçiligini üpjün etmegi maksat edinýär. Bu maksada ýetmek diňe bir Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däl, eýsem tutuş sebitiň energetika ulgamynda hem öwrülişik nokady bolar — diýip, ol aýtdy.
Fidanyň bellemegine görä, Türkiýe şu ýylyň mart aýyndan bäri türkmen tebigy gazyny alyp başlady. Häzirki wagtda bu gaz Eýran üsti bilen üstaşyr görnüşinde ýetirilýär. Onuň sözlerine görä, Türkiýäniň gaz infrastrukturasyna ygtybarly birikme döredilse, Türkmenistan halkara energetika bazarlaryna gönüden-göni çykmak mümkinçiligine eýe bolar.
— «Botas» bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek üçin hökümetiň ýolbaşçylygynda ähli zerur çäreleri görmäge doly taýýar. Bu taslama sebitiň energiýa üpjünçilik ugurlaryny düýpgöter üýtgeder diýip garaşylýar — diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy nygtady.
