22-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. «Watan»habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşykda diplomat Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutany ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşlikde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigi, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmen döwletiniň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi barada hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän türkmen ýaşlarynyň sanynyň barha artýandygyny, ýurduňýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
