Özbegistan Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada ýurduň energetika ministriniň orunbasary Azizhoja Kobilow habar berdi.
«Özbegistan Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça taslamalara uzakmöhletleýin, özara bähbitli we hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly gatnaşmaga taýýar» diýip, A.Kobilow «Türkmenistanyň nebit we gazy – 2025» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Ministriň orunbasarynyň bellemegine görä, Özbegistanyň we Türkmenistanyň energetika hem-de nebit-gaz ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Hususan-da, Özbegistana türkmen elektrik energiýasynyň, tebigy gazynyň, gaz kondensatynyň we beýleki nebit önümleriniň ugradylýandygy bellenildi.
A.Kobilowyň pikirine görä, Türkmenistan örän uly, entek doly özleşdirilmedik uglewodorod mümkinçiliklerine eýedir, bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi sebit we halkara derejede energetika howpsuzlygyna möhüm goşant bolar.
«Biz ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerini we tejribesini şu ileri tutulýan ugurlarda birleşdirmegiň möhümdigine ynanýarys: uglewodorod çig malyny gazyp almak we gaýtadan işlemek, gazhimiýa senagatyny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak we önümçiligiň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak» diýip, A.Kobilow nygtady.
Özbegistanyň energetika ministriniň orunbasary sözüniň ahyrynda görkezilen ugurlardaky bilelikdäki işleriň energetika babatda özara durnuklylygy pugtalandyrmaga, uly goşmaça gymmatlyga eýe önümçilik zynjyrlaryny döretmäge hem-de sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.
