ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde bilim ulgamynyň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Montana ştatynyň Billings şäherindäki uniwersitetine sapar gurady. Bu sapar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Turkmenportal» internet neşirine beren maglumatyna görä, saparyň dowamynda uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi, onuň fakultetleri bilen tanyşlyk boldy.
Taraplar sebitiň kompaniýalaryň hakyky tejribelerine esaslanýan bilelikdäki gysga möhletli okuwlary geçirmek boýunça ylalaşdylar. Bu okuwlar maglumat seljermesi, maliýe sowatlylygy, taslamalary dolandyrmak ýaly ugurlary öz içine alar. Şeýle hem amaly sapaklar üçin mugallymlary özara alyşmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
Montana ştatynyň uniwersitetiniň Canvas LMS bilim portalyndan bilelikde peýdalanmak pikiri goldanyldy. Bu platforma bilelikde sapak geçmek, okuw kurslarynyň bar bolan ülňülerini ulanmak we okadylýan okuwyň mazmunynyň özleşdirilişini yzygiderli yzarlamak üçin ulanylar.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumat berdi. Ol halkara hil ölçeglerine laýyklykda okuw maksatnamalarynyň täzelenýändigini, sanly bilimiň ösýändigini, döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň giňeldilýändigini, ylmy-barlag işjeňliginiň artýandygyny, uniwersitetleriň halkara reýtinglere gatnaşýandygyny nygtady.
Taraplar gazanylan ylalaşyklary çalt durmuşa geçirmäge, şol sanda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalary we iş meýilnamalary taýýarlamaga, bilelikdäki toparlary bellemäge, synag modullaryň, alyş-çalyşlaryň we tomusky mekdepleriň tertibini ylalaşmaga, umumy gözegçilik gurallaryny ulanmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen abraýly wekiliýet ABŞ-a okuw edaralarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen iş saparyna ugrady.
