21-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary — Prezident Mihail Kawelaşwili, Premýer-ministr Irakli Kobahidze hem-de Parlamentiň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar, şeýle hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Mihail Kawelaşwili öz ýurdunyň syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Günorta Kawkaz hem-de Merkezi Aziýa sebitleriniň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga taýýardygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen bolan duşuşykda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejedäki üstünliklerine, energetika pudagyndaky oňyn ösüşlere we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Gepleşiklerde Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan Merkezi geçelgäniň ähmiýeti, onuň ösdürilmeginde Gruziýanyň tutýan orny barada durlup geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýandygy bellenildi.
Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen bolan gepleşiklerde türkmen-gruzin dostlukly gatnaşyklarynyň köp ýyllyk taryhyna üns çekildi.

Söhbetdeşler parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de bu ugurda iş alyp barýan degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa saparyny guramak barada pikir alyşdylar.
Taraplar iki ýurduň strategik geografik ýerleşişiniň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ulag baglanyşygyny ösdürmäge mümkinçilik berýändigini aýratyn bellediler.
Duşuşykda ulag we energetika boýunça geljegi uly taslamalar, şeýle hem Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitindäki häzirki ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar durnukly parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň möhümdigini nygtadylar.
Ministr R.Meredow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Gruziýanyň berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi. Taraplar BMG-niň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem bellediler.
