Russiýa Federasiýasyna resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenko bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryňdyr maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu Ylalaşyk iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir.
