Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 20-21-nji oktýabrda Yrak Respublikasynyň Bagdad şäherinde saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenişi ýaly, saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, yrak tarapyna Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler we ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat bilen bagly meseleler barada hem pikir alyşdylar.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ýagdaýy we ony giňeltmek barada hem pikir alşyldy.
Iki ýurduň arasynda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek we bu ugurda özara gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.
Taraplar türkmen-yrak dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassykladylar.
***

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yrak Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Yragyň Söwda palatalar federasiýasynyň başlygy Abdul Razzak Al-Zuhaýriniň arasynda-da duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi.
Taraplar iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, Türkmenistanda we Yrak Respublikasynda geçirilýän halkara ykdysady forumlara, sergilere we işewür duşuşyklara iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtadylar.
