Türkmen gazyny Ýewropa eksport etmek meseleleri özünde uly geljegi jemleýär, ýöne bu ugurda diňe senagat däl, syýasy hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegi zerurdyr. Bu barada Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti Andrea Steýjer «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» («OGT 2025») atly halkara maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasyndaky sessiýanyň dowamynda žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy.
«Men ozalky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegi boýunça geçirilen gepleşikleri we maslahatlary ýada salýaryn. Meniň pikirimçe bu ugurda, hakykatdan hem, uly mümkinçilikler bar» diýip, A.Steýjer belledi. Onuň aýtmagyna görä, gaz üpjünçiliginiň ösüşi diňe senagat derejesinde däl, syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de baglydyr.
Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti Ýewropa üçin energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetini nygtady:
«Men italýan hem-de ýewropaly hökmünde energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny Ýewropa üçin möhüm hasaplaýaryn» diýip, ol aýtdy.
Andrea Steýjer Türkmenistanyň gaz gorlaryny geljegi uly energiýa serişdesi we sebit integrasiýasynyň möhüm faktory hökmünde häsiýetlendirdi.
«Türkmenistan ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýedir, bu bolsa ýurduň ilatynyň ösüşini energiýa bilen üpjün edýär we sebitiň birleşmeginde möhüm orny eýeleýär» diýip, ol «Galkynyş» gaz käniniň mümkinçilikleri barada pikirini aýtdy. A.Steýjeriň bellemegine görä, mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gönükdirilen birnäçe uly geljege eýe taslamalar bar.
22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçirilýär. Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş eýdärler. Çärä «Turkmen Energy Forum» goldaw berýär. Şol bir wagtda «OGT EXPO 2025» sergisi hem geçiriler. Onda 70 ýurtdan 100-den gowrak kompaniýa energetika pudagy üçin iň täze tehnologiýalary we enjamlary hödürlär.
