Şu gün Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda doganlyk ýurduň ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlarynyň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu boýunça teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürläp, bu meselede döwlet Baştutany bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goly uzadylsa, hemaýatlar berilse, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Gahryman Arkadag şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyr işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi.
