Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Saparynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalarynyň gurluşyklaryny synlady.
Gahryman Arkadag bu ýerde alnyp barylýan ähli işleriň, ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden önümçilikleriň alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
