Turkmenportal logo
21.10.25
1978619786
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň BAE-däki täze bellenilen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy
Türkmenistanyň BAE-däki täze bellenilen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Baýram Baýramow özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

BAE-niň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki bilelikde gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk dostlukly we guramaçylykly ýagdaýda, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk ruhunda geçdi diýlip, habarda bellenilýär.