Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň banket zalynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gadymy hindi baýramy bolan «Diwali» — «Yşyk baýramyny» belledi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, çärä ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hindi diasporasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Hindistanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Bandaru WilsonbabuTürkmenistanyň ýolbaşçylaryna iki dostlukly ýurduň arasynda alnyp barylýan konstruktiw ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde goşan ägirt uly goşantlary üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
«Yşyk baýramynyň» myhmanlary üçin şowhunly medeni maksatnama hödürlendi. Sahna çykyşlarynda gyzykly hindi tanslary görkezildi we meşhur hindi çeper filmlerinden aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi.
Diwali baýramy her ýyl güýz paslynda bellenilýär. Bu baýram ýagtylygyň garaňkylyga, ýagşylygyň ýamana garşy ýeňşini alamatlandyrýar. Onuň aýratynlygy — şol gün öýleriň we ybadathanalaryň köp sanly çyralar we şemler bilen bezelen bolmagydyr.
