Owganystana saparynyň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýurduň Hyrat welaýatynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi.
Gahryman Arkadag türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ägirt uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy, şolaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň aýratyn orny eýeleýändigi bellenildi.
Gahryman Arkadag bu taslamalaryň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
– Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler – diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
