Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň Amerika Birleşen Ştatlarynda iş sapary başlandy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, pedagogik we lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri bar.
Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, saparyň esasy maksady iki ýurduň okuw mekdepleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Wekiliýet taraplaryň özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryna gol çekmegi, talyp we mugallym alyşmalarynyň netijeli mehanizmlerini kesgitlemegi, bilim, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.
Saparyň ilkinji tapgyrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wyoming ştatyndaky Northwest College okuw mekdebinde bolup, okuw binýady bilen tanyşdylar, professor-mugallymlar hem-de ýolbaşçylar bilen duşuşdylar. Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň dowamynda şu ýokary okuw mekdeplerine baryp görmek meýilleşdirilýär: Montana State University Billings (Billiňs), University of Montana (Missoula), Montana State University (Bozeman), University of Wyoming (Laramie), şeýle-de Waşington şäherindäki birnäçe duşuşyklar, olar onlaýn okuw, tehnologik diplomatiýa we döwrebap bilim maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine bagyşlanar.
Duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylýan temalar giň ugurlary öz içine alýar: iňlis dili we pedagogika, ekologiýa we suw howpsuzlygy, ykdysadyýet we saglygy goraýyş, inženerçilik we agro-tehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary we sanly endikler boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ileri tutulýar.
